Sepleriň elýeterliligi

Orsýet – Germaniýa gepleşikleri geçirildi


Orsýetiň we Germaniýanyň liderleri howpsuzlyk meselesinde Moskwa bilen Ýewrobileleşigiň syýasatyny has ysnyşykly ugrukdyrmaga tapdardygyny mälim etdiler.

Şenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Berliniň eteginde geçen gepleşiklerinde Orsýet-ÝB howpsuzlygy boýunça täze forum regional konfliktleri çözmekde bilelikdäki tagallalary aktiwleşdirmäge ýardam ederdi diýen pikir öňe sürüldi. Şeýle konflikte mysal hökmünde Pridnestrowedäki ýagdaý agzaldy.

Germaniýanyň we Orsýetiň baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini hem dünýä problemalaryny maslahatlaşdylar.

Ýadro programmasy bilen bagly Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmek mümkinçliginiň peýdasy meselesinde taraplar ylalaşdylar.
XS
SM
MD
LG