Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da Milli razwedka gullugyna täze başlyk bellendi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Milli razwedka gullugyna dynç alyşdaky general Jeýms Klepperi baştutan belleýändigini şenbe güni Ak tamda çykyş edip aýtdy.

Indi Klepperiň kandidaturasyny Senat makullamaly.

Oň Klepper ABŞ-nyň goranmak ministriniň razwedka gulluklary boýunça orunbasary wezipesini eýeläpdi.

Amerikan razwedkasynyň öňki ýolbaşçysy Dennis Bler Obamanyň administrasiýasynda geçiren öwrülişikleriniň netijesinde maý aýynda işden gitdi.

Razwedka gullugynyň baştutanyna ygtyýarynda 16 gulluk bar. Ählisine bir ýolbaşçynyň wezipesi 2004-nji ýylda döredilipdi.
XS
SM
MD
LG