Sepleriň elýeterliligi

Dünýä biržalarynda nebitiň bahasy, ýewronyň kursy aşak gaçdy


Anna güni dünýä biržalarynda söwdalar nebitiň bahasynyň, ýewronyň kursunyň aşaklamagy hem-de aksiýalaryň arzanlamagy bilen tamamlandy.

Ýewronyň kursy amerikan dollaryna bolan gatnaşykda 1 dollar 20 sentdenem aşak indi. Bu 2006-njy ýylyň martyndan bäri iň pes görkezijidir.

Nýu-Ýork biržasynda nebit bir gün öňki bilen deňeşdirilende üç dollar gowrak ýitirdi. Dow Jonesiň görkezijisi 300 punkt aşaklady.

Analitikleriň pikiriçe, munuň sebäbi Ýewrobileleşigiň ençeme ýurdunda bergi bilen bagly krizisiň çuňlaşma mümkinçiliginden inwestorlaryň ätiýaç edýänligidir.

Pese gaçyşyň öň ýany Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň Gresiýadky ýaly krizise öz ýurdunyň garaşyp biljekdigi barada aýdany, şeýle-de ABŞ-da maý aýynda iş orunlarynyň garaşylyşyndan az döredilendigi baradaky täze maglumatlar şol ätiýaçlyga sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG