Sepleriň elýeterliligi

British Airways kompaniýasynyň işgärleri iş taşlaýarlar


Şenbe güni Beýik Britaniýada British Airways awiakompaniýasynyň işgärleri nobatdaky iş taşlaýşa başladylar.

BBC-niň habaryna görä, iş taşlaýyş bäş gün dowam eder.

Awiakompaniýanyň işgärleri hak töleýiş fonduny azaltmak, ençeme ýeňillikleri ýatyrmak barada kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň planlarynyň garşysyna çykyş edýärler.

Iş taşlaýşyň awiakompaniýa eýýäm 120 million funt sterling zyýan ýetirendigini stýuardlar profsoýuzy aýdýar.
XS
SM
MD
LG