Sepleriň elýeterliligi


Ýuriý Grodekow

Türkmenler hakynda men köp okapdym. Bu milleti maňa açyp görkezen türkmen klassyk şahyry Magtymguly Pyragy bolupdy. Onuň eserler ýygyndysyny Arseniý Tarkowskiý terjime edipdi. Ine, şu terjimeleriň üsti bilen hem türkmen milletiniň hüý-häsiýetine hem-de erkinligi söýýän halkdygyna düşünip galdym. Soňraky ýyllar men türkmen edebiýaty we sungaty bilen içgin gyzyklanyp ugardym. Maňa esasy täsir eden türkmen ýazyjylarynyň biri hem Akmyrat Şirowdy. Onuň prozasy diýseň inçe, filosofiki dilde ýazylandy.

SSSR dargansoňam, men Türkmenistan döwletiniň ykbaly bilen gyzyklanmagymy goýmadym. Türkmenistany Saparmyrat Nyýazowyň dolandyran ýyllary türkmen halky üçin gaty agyr ýyllar bolupdy diýsem, ýalňyşmasam gerek. Diktatoryň ädehedine garşy göreşenleriň arasynda Abdy Kulyýewi men ýagşylykda ýatlaýaryn. Taryh gaýtalanýar diýleni çyn bolup çykýar. Abdy Öwezowiçiň agasy Öwezberdi Kulyýew hem türkmen halkynyň erkinligi üçin göreşen şahsyýetleriň biridir.

Şu ýatlamalar bilen men türkmen halkynyň häzirki gün gerdenine düşen agyr täleý hakynda gürrüň etmegi dogry bildim.

2006-njy ýylyň 21-nji dekabrynda S.Nyýazow ýogalanda, köşk kethudalary gaty howsala düşdüler. Şol wagt häkimligiň olaryň ellerinden gidäýmegi gaty ahmaldy. Ýöne bu beýle bolmady, olar ökde çykdylar... Gadymyýetde bolşy ýaly, olar ýene-de döwlet baştutanynyň sag eli bolup galdylar. Sebäbi Türkmenistan garaşsyzlygyny alansoň, bu ýörelge döwlet durmuşyna täzeden ornaşypdy: Wiktor Hramow Nyýazowyň sag eline öwrülse, Aleksandr Žadan – onuň çep elidi. Wladimir Umnowy-da üstlerine goşup, olara il arasynda «üçlük» hem diýilýärdi.

Ýöne ýaňy-ýakynda W.Umnow birdenkä işden çetleşdirildi. Ýogsa, W.Umnow köp ýyllaryň dowamynda prezidentiň köşgünde iş dolandyryjysy wezipesini eýeläp gelipdi.

Türkmen hökümeti bilen ýakyndan işleşýän adamlaryň arasynda edilýän gürrüňlerde Umnowyň hem uly güýç bolup durýandygy aýdylýardy. Iş ýüzünde welin, bu beýle däldi. Umnow halypalarynyň diňe «tur-otyr, kersen getir» ýumuşlaryny berjaý edýärdi. Käte oňa-da türkmen baýlyklaryndan galan-gaçan ýetdirýärdi. Ýöne beýle adalatsyzlyk Umnowyň çetine degýärdi. Onuňam, öz halypalary ýaly, Türkmenistanyň gyzyl pullaryndan doýa garna doýasy gelýärdi...

Umnow atdan agdarylýar

Türkmenistanda maýa goýmakçy bolýan daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň biriniň aýtmagyna görä, Türkmenistana gelýän ýa-da geljek bolýan daşary ýurt kompaniýalary ilki hökman köşk kethudalarynyň razylygyny almaly. Bu razylyk üçin olar başda nagt pul, ýagny walýuta alan bolsalar, häzir diňe daşary ýurt banklarynyň we iri kompaniýalarynyň aksiýalaryny talap edýärler diýen takyklanmadyk maglumatlar bar. Bu işiňem, elbetde, ýokary derejedäki ýaşyrynlygy talap edýäni düşnükli. Şonuň üçinem türkmeniň baýlygyna goluny boýa-boý sokýanlaryň köp adam bolup bilmejegi-de belli. Onsoň Umnowyň bu üleşige sokuljak bolmagy, elbetde, onuň halypalaryna hiç haçanam ýaran däldir, ýöne soňky döwürde olaryň hasam sabyr-takadyny dolduran bolmaga çemeli. Şol sebäplem Umnow ýaňy-ýakynda “atdan agdaryldy” we düşewüntli wezipeden jyda düşdi.

Il arasynda Umnowdan dynmagyň halypalaryna o diýen aňsat düşmändigi hakda-da gürrüň bar. Şol gürrüňlere görä, hamana, ilki onuň täze köşgüň gurluşygynyň maliýe işlerinde ýalňyşlyk goýberenligi sebäpli wezipesinden boşadylanlygy aýdyldy. Başga bir gürrüňe görä-de, Umnowyň halypalary ony ýok etmek üçin ýanyna ýörite birki sany juda owadan gyz iberipdirler. Umnow hem öz iki sany ýakyn ýoldaşy bilen şol gyzlaryň toruna düşüpdir... Onuň keýpiň toruna düşen pursatam ýörite surata alynýar... Ine, şeýdibem öňki jan ýaly halypalary Umnowy masgara edip, onuň öz wezipesinden aýrylmagyny gazanýarlar. Garaz, aýdylyşy ýaly Boliwar aty üç adamy göterip bilmedi...

Eýse Boliwar janawar iki adamyny göterermikä?

Indi, kethudalar hakynda birki agyz... Olar belli bir döwlete gulluk etmeýärler, gerek ýerinde hemmesiniň hem gullugynda durýarlar diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Olary dolandyrýanlar göze görünmeýän korporasiýalar diýmäge esas bar. Olaryň maksady türkmenleri agzala edip, olaryň baýlyklaryny daşyna çykarmak we milleti ruhy taýdan çökermek.

Bir wagtlar rus patyşalarynyň harby syýasatçylarynyň aýdyp we ýazyp giden syýasy şygarlary bar. Türkmenleri dolandyrmak üçin olaryň agzyny alardyp, biri-biri bilen duşman edip saklamaly. Dogrudan-da, hatda Sowet döwründe-de döwlet ýolbaşçylary türkmenleri tire-taýpa meselesinde biri-birine gapma-garşy goýmak syýasatyny gaty ussatlyk bilen alyp barypdylar. Şu günki günem köşk kethudalary şol ýörelgäni üýtgewsiz dowam edýärler. Geliň, birnäçe wakalara üns berip geçeliň.

Saparmyrat Nyýazow ýogalanda, diňe kethudalaryň görkezmesi bilen Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesine ýetýär. Onuň yz ýany Wiktor Hramow ýurduň esasy ideologiýa, medeniýet we sungat pudaklaryndaky gözegçiligi doly öz eline alýar. Hramow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda öňe sürýän «Döwlet – adam üçindir» diýen esasy şygary italýan diktatory Benito Mussolininiň «Faşizmiň taglymaty» (La dottrina del fascismo, 1932) diýen kitabynyň «Döwlet hakynda düşünje» diýen böleginden alyp, türkmen lideriniň we hemme türkmenleriň resmi çykyşlarynda uly duýgy bilen aýdýan şygaryna öwürýär.

Diktator Mussolini öz kitabynda «döwleti döredýän millet däl-de, milleti döredýän döwletdir» diýip, bu şygary faşistik ideologiýanyň esasy taglymatlarynyň biri hökmünde dünýä jar edýär. Mussolininiň bu pikirini soňra Adolf Gitler hem öz syýasy şygarlarynyň biri edinýär. Türkmenistanda faşizmiň ideologlarynyň ozaldan belli şygaryny resmi döwlet syýasatyna öwürmek bilen hramowçylar türkmen milletini-de, onuň prezidentini-de juda yzagalak, taryhy ylymdan asla başy çykmaýan haýwan derejesindäki toplum edip görkezmäge dyrjaşýan-a däldirler-dä?..

Ýöne entek türkmen topragynyň baýlygy azalmasa, bu Harmowdyr Žadanyň öňünden çykyljaga meňzänok, olaryň edeni geçip dur. Häzirlikçe Boliwar iki mugthory göterýär...

Berdimuhamedow “reformator” adyna mynasypmy?


Gurbanguly Berdimuhamedow göni aýtmasa-da, käbir çykyşlarynda, hereketlerinde nyýazowçylyk mirasdan daşlaşmak isleýändigini duýdurýar. Emma näme üçindir bu isleg durmuşa geçenok. Meselem, bilim pudagynda orta mekdepde okuw möhleti gaýtadan on ýyla, ýokary okuw jaýlarynda-da bäş ýyla ýetirilensoň, reformalar şondan aňryk gitmedi.

Şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Howpsuzlyk geňeşinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Jenaýat kodeksinde» iň agyr jeza çäresini 25 ýyldan 15 ýyla getirmek hakyndaky teklibi-de, şondan iki aý geçensoň, näme üçindir duruzyldy, kodeksdäki 25 ýyllyk jeza möhleti-de şol öňküligine galdyryldy.

Prezident Berdimuhamedow wezipä saýlananda, il arasynda onuň köp ýyllardan bäri türmede ýatan ozalky döwlet çinowniklerini we syýasy tussaglary azatlyga goýberjekdigi gürrüň edilýärdi. Emma prezident beýle gumanitar işi amala aşyryp bilmän gelýär. Türkmenistanly synçylaryň aýtmagyna görä, prezidentiň «Jaýlary hususylaşdyrmak» boýunça degişli kanuny kabul etmek teklibi-de edil guýa gaçana döndi.

Türkmenistanda «Кöppartiýalylyk» hakyndaky kanun hem käte bir döwlet ýygnaklarynda dagyn agzalaýmasa, şol boş gürrüňligine galýar we Berdimuhamedowyň bu wadasynyň-da kanuna öwrüljegi diýseň gümana.

Şeýle mysallary näçe getirseň, getirip oturmaly, olar gaty kän. Ýöne şol işleriň amal edilmeýändiginiň esasy sebäpkärleri halkyň gözüne görünmeýärler. Olar Türkmenistanyň ýuwaş-ýuwaşdan syýasy taýdan açylyp, erkin demokratik döwlet bolmagyny islemeýärler. Onsoňam, gep olaryň demokratiýany isleýänliginde ýa islemeýändiginde däl-de, ýurtda ýaşaýan sada türkmen milletine bolan ýigrençleriniň günsaýyn ösýänliginde. Görnüşe görä, olar bu milleti, ýagny türkmenleri adam diýibem hasap etmeýän borly? Başardyklaryndan ony ýepbekläp, ýok bolup gitmegi üçin jan edýärler. Türkmenleri biri-biri bilen garpyşdyrýarlar, intellektual taýdan düşünjesi ýokary bolanlary “gara sanawda” saklaýarlar. Prezidentiň özi-de wezipesinde gorkuzylyp, hatda mejbur edilip saklanýana çalymdaş...

Käşgä prezident täzeden täze geýimleri geýip, at çapyp, skuterde aýlanyp, tank sürüp, harby uçarda uçup, mergenlikde ýaryşyp, tigir sürmekde öz golastylaryndan ozup, ýurduň metbugatynda fotomontažda ýylmanan suratlaryny gündelik çap etdirip, nähili gülkünç ýagdaýa düşýändigini bilsedi?! Öz narsissizme ýugrulan abraýyny artdyrjak bolup, halkara jemgyýetçiliginiň göz öňünde nähili gülki ýassygy bolýandygyna, bu zatlaryň bolgusyz oýundygyna we mekir wezirlerine özüni oýnadyp, türkmeni dünýä masgara edýänligine tizräk düşünsedi?!

Men türkmenleriň başyna düşen bu hupbata gaty gynanýaryn. Ýagşy niýetleriň tizräk durmuşa geçmegini isläp, beýik Magtymgulynyň gymmatly wesýetini umyt bilen ýatlaýaryn...

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!


Ýuriý Grodekow Tulada ýaşaýan syýasy analitigiň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG