Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidenti tussaglaryň işine gaýtadan seretmegi buýurýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý talyban pitneçisdir öýdüp saklanýan tussaglaryň işine gaýtadan seretmegi hem ýeterlik subutnama bolmasa, olary azat etmegi buýurdy.

Bu onuň geçen hepde bolan milli parahatçylyk konferensiýasynyň rekomendasiýalaryna ilkinji jogabydyr.

Parahatçylyk jirgasy ady bilen Kabulda geçirilen üç günlük maslahata 1600 çemesi regional we tire baştutany ýygnandy.

Ýekşenbe güni günortan Owganystanda bolan bomba hüjüminde bolsa bir polis ofiseri ölüp, iki raýat ýaralandy. NATO esgerleriniň bolsa 5-si öldi.

Ol esgerleriň 3-si ýolda bolan ulag hadysasynda, biri elde ýasalan bomba partlamasyndan, ýene biri bolsa pitneçi hüjüminden ýogaldy.

Karzaýyň ofisi ýekşenbe güni ýurduň içeri işler ministri Hanif Atmar bilen Milli howpsuzlyk başlygy Amrulla Salehiň işden çekildendigini aýtdy.

Olaryň işden çekilmegi geçen hepde bolan Parahatçylyk jirgasyna edilen raketa hüjümi bilen bagly.
XS
SM
MD
LG