Sepleriň elýeterliligi

BP Meksiko aýlagyndaky nebit akymyny jylawlaýar


Düýbi Britaniýada ýerleşýän energiýa läheňi BP-niň başlygy Toni Heýward ýekşenbe güni Meksiko aýlagynda ýarylan nebit guýusyndan çogýan netibi duruzmakda ulanylan täze sistemanyň soňky 24 sagatda 10 müň barrel nebiti toplandygyny aýtdy.

Heýward ýarylan guýynyň agzyna goýlan gapak-käse, belki-de, çogýan nebitiň köp bölegini tutup alýar diýdi.

Amerikan resmileri biraz öň şol käse we turba sistemasynyň işlejege meňzeýändigini aýdypdylar. Ýöne ol her gün okeana akýan 19 müň barrel nebitiň diňe bir bölegini tutup alyp bilýär.
XS
SM
MD
LG