Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kommunistleriň öldüren ruhanysyna pata berildi


Polşanyň paýtagty Warşawada gynalyp öldürilen ruhany Jerzi Popilužka pata bermek üçin guralan dabara müňlerçe adam gatnaşdy.

Rim katolik ybadatnahanasynyň ruhanysy bolan Popilužka 25 ýyl ozal, kommunistleriň ýolbaşçylygyndaky Polşanyň ýaşryn polisiýasy tarapyndan gynalyp öldürilipdi.

Pilsudski skwerindäki pata beriş dabarasy Watikanyň pata edarasynyň başlygy, arhiepiskop Angelo Amatonyň baştutanlygynda geçirildi.

Bu pata mümkin bolan keramatlylyga tarap ilkinji ädim hasaplanýar.

Pop Benedikt geçen dekabrda Popilužkany şehit diýip yglan etdi we şu hem oňa pata berilmegine ýol açdy.

Popilužka 1980-nji ýyllarda Leh Walesanyň kommunistlere garşy Raýdaşlyk hereketiniň berk goldawçysy bolupdy. Ol 1984-nji ýylyň oktýabrynda ýaşryn polisiýanyň agentleri tarapyndan öldürilende 37 ýaşyndady.
XS
SM
MD
LG