Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy ýewro satyşlygy ret edýär


Eýranyň Merkezi bankynyň başlygy Ýewropanyň bergi problemalary sebäpli ýewronyň arzanlany üçin öz ýurdunyň millardlap ýewrony satmagy planlaşdyrýandygyny ret edýär.

Merkezi bankyň başlygy Mahmud Bahmaniniň bu barada aýdan sözleri döwlet eýeçiligindäki «Eýran» gazetiniň ýekşenbe günindäki sanynda çap edildi.

Ol geçen hepde Eýranyň öz 45 milliard ýewrosyny amerikan dollaryna çalyşmakçy bolýandygy barada çykan habaryň nädogrudygyny aýtdy.

Eýran 2008-nji ýylyň global maliýe krizisinde bolan dollar arzanlaşygy sebäpli öz 83 milliard dollar serişdesini ýewro çalyşýardy.
XS
SM
MD
LG