Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Owganystanda tirýegiň ýok edilmegine çagyrýar


Orsýet ýekşenbe güni Owganystanda tirýege garşy göreş strategiýasynyň has güýçlendirilmegine çagyrdy we Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýany sosial ösüş problemalaryna hötde gelmezlikde tankyt etdi.

Ministr Sergeý Iwanow Singapurda geçýän Aziýa sammitinde çykyş edip, halkara jemyýgetçiligi Owganystanyň sosial we ykdysady ösüşine köp maýa ýatyrmaly, ýogsam hiç bir harby gatnaşykdan netije bolmaz diýdi.

Ol göknar ekerançylygy we tirýek önümçiligi Talyban pitneçileriniň esasy girdeji çeşmesi diýdi.

Iwanow owgan neşesiniň öndürilmegi we gaçak ýollar bilen ýurtdan çykarylmagy halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim hökmünde görülmeli diýdi.

Iwanow NATO-nyň Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri Owganystanda parahatçylygy we durnuklygygy berkarar etmegiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we bu howpuň garşysyna söweşmeli diýdi.
XS
SM
MD
LG