Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl kömek gämisiniň agzalaryny yzyna iberýär


Ysraýyl palestinaçy aktiwistleriň we gämi sürüjileriň 19-syny yzyna, öz ýurduna deportasiýa etmäge başlady.

Olaryň gämisi Yzraýylyň Gaza gabawyny böwüsmekçi bolanda ysraýyl deňiz guýçleri tarapyndan saklandy.

Habarlarda 11 çemesi aktiwist bilen gämi ekipažynyň 8 agzasynyň öz ýurtlaryna iberilmegine razy bolandygy, beýlekileriniň ysraýyl şikaýat prosesi bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Ysraýyl harbylary Irlandiýanyň eýeçiligindäki «Reýçel Korri» gämisini şenbe güni tutup saklady we ony Ysraýylyň Aşdod portuna äkitdi.

1200 tonnalyk gäminiň tutulyp saklanmagy zorluksyz bolup geçdi.

Ysraýyl geçen duşenbede kömek gämisine geçiren reýdi we dokuz adamyň öldürilmegi sebäpli halkara ýazgarmalaryna uçrady.

Şonda öldürilenleriň köpüsi türk raýatydy.
XS
SM
MD
LG