Sepleriň elýeterliligi

Dünýä kubogy ýaryşynyň açylyşynda özbek eminlik eder


FIFA, Dünýä futbol federasiýasy özbegistanly Rawşan Irmatowy Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşyň Günorta Afrikada anna güni boljak birinji oýnunda eminlige seçdi.

2003-nji ýyldan bäri halkara emini bolup işleýän Irmatow Ýuhannesburgda Günorta Afrika bilen Meksikonyň arasynda boljak açylyş oýnuna eminlik eder.

Irmatow häzir Aziýada ýokary derejeli futbol emini hasaplanýar we ol FIFA-nyň çempionatlarynda eminlik eden ilkinji özbek bolar.

Günorta Afrikadaky Dünýä kubogy ugrundaky ýaryş 11-nji iýundan 11-nji iýula çenli aralykda geçýär we oňa 32 ýurduň milli komandalary gatnaşýar.

Bu afrikan topragynda Dünýä kubogy ugurunda geçirilýän ilkinji ýaryşdyr.
XS
SM
MD
LG