Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabatda türkmen-amerikan biznes forumy geçer


Iýun aýynda Aşgabatda Birleşen Ştatlaryň delegasiýasy bilen Türkmenistanyň syýasy konsultasiýalary we türkmen-amerikan biznes forumy geçiriler.

Hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Reşit Meredow muny hökümet maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.

Maslahatda prezident G.Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy boldy we möhüm strategiki hyzmatdaşlygyna hem galýar.

Prezident Türkmenistanyň Birleşen Ştatlar bilen mundan beýläk hem deňhukukly, uzak möhletli we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmegi niýet edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG