Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mekdeplerde Ruhnama ünsden düşýär


2001-nji ýylyň sentýabrynda ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow «Ruhnamasyny» doly ýazyp tamamlap, halka hödürläninden az salym geçmänkä, bu kitap terbiýeçilik ähmiýetli hasaplanyp, «halk köpçüliginden gelen teklipler» esasynda, Türkmenistanyň ýokary we orta bilim berýän mekdeplerinde okuw dersi hökmünde okadylyp başlandy.


Ruhnama sapagy Türkmenistanyň mekdeplerde häli-häzirem 1-nji klasdan 10-njy klasa çenli okuwçylara okadylýandygyna garamazdan, bu derse berilýän üns görnetin gowşady.

Bilim müdirliklerinden gelýän barlagçylaryň görkezmesi bilen, Ruhnama otaglary, Ruhnama burçlary bolsa gadagan edildi. Hatda Ruhnama bilen bagly mekdep klaslarynda ýekeje-de stendiň hem bolmaly däldigini Bilim müdirliklerinden gelenler haýbatly görkezme berýärler.

Her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän mugallymlaryň bölekleýin okuwynda bu dersiň haçan ýatyryljagynyň näbellidigi barada maslahatlaşýan mugallymlar indi Ruhnama predmetine okuwçylaryň juda biparh garaýandygyndan zeýrenýärler.

Ruhnama dersi okuwçylaryň gutardyş ekzamenlerinden hem aýryldy. Indi bu dersi okatmaklyk gowşagrak mugallymlara ýa-da pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlara ynanyldy.

Jogapkärçilikli sapak

2002-nji ýyldan Ruhnama dersi üçin mekdeplerde hepdede bir okuw sagady bölünip berlip, ýörite taýýarlanan meýilnama esasynda ol 1-nji klasdan tä 10-njy klasa çenli okuwçylara öwredilip başlandy. Ruhnama sapagyny okatmak diňe ýokary ýa-da birinji derejeli ussat mugallymlara ynanyldy.

Ruhnama sapagynyň meýilnama girizilen ilkinji günlerinden bu ders mekdeplerde iň bir jogapkärçilikli okadylmaly sapaklaryň birine öwrülipdi. Klas žurnalynyň ilkinji sahypasyndan orun alan Ruhnama dersi Bilim müdirliklerinden gelýän barlagçylaryň çintgäp derňeýän we okadylyşynyň hiline üns berýän dersleriniň birine öwrülipdi.

Mundan başga-da her bir mekdepde ýörite Ruhnama klasy döredilipdi. Ruhnama klasynda S.Nyýazowyň ömri barada, Ruhnama kitaplary ýerleşdirilmeli edilipdi. Ruhnama klasyndan başga beýleki klaslaryň hem her birinde Ruhnama burçy döredilipdi.

Hepdäniň her şenbe güni, (S.Nyýazowyň döwründe aýlaryň-hepdeleriň ady üýtgedilensoň, şenbe güni ruhgüni diýlip atlandyrylýardy) mekdeplerde säher bilen Ruhnama nyzamy geçirilýärdi. Ýarym sagatlyk bu nyzamda okuwçylar Ruhnamadan goşgulary ýatdan aýdardylar, kitapdan sahna oýunlaryny görkezerdiler.

Sapakda her bir okuwçynyň öz Ruhnama kitabynyň bolmagy zerurdy. Çünki mekdep tarapyndan üpjün edilmänsoň, bu kitap ähli okuwçyda ýokdy. Ýöne bu ýagdaýdan mugallymlar basym çykalga tapdylar. Olar 35-40 sany Ruhnama kitabynyň tutuş mekdebe ýetjegini nazara alyp, okuwçylaryň hasabyna şol kitaby edindiler. Ol kitaplar okuwçylara diňe sapak wagty paýlanyp berilýärdi. Sapak tamamlanansoň bolsa, ýene ýygnalýardy

Ruhnamadan pes baha goýmaly däl!


Ruhnama hemmeleriň ýan-ýörelge kitaby bolmaly diýlen ideologiýa höküm sürýärkä, mekdeplerde Ruhnama dersinde pes baha almak okuwçynyň ol kitaba çyn ýürekden berilmeýänliginiň nyşany diýlip alamatlandyrylýardy. Şonuň üçin mugallymlar harp tanamaýan okuwçylaryna-da bu dersden diňe 4-lik, 5-lik bahalar goýýardylar.

Okuwçy Ruhnama sapagyna taýýarlyksyz gelse-de, oňa ikilik hakda gürrüňem ýok, hatda üçlük hem goýmak bolanokdy. Sebäbi žurnaldaky Ruhnama dersine berlen sahypada goýlan ýekeje ikilik ýa-da üçlük baha üçin mugallym barlaga gelen hünärmenleriň öňünde düşündirişini ýazmalydy.

Galyberse-de, bu dersden gutardyş klasyň okuwçylarynyň döwlet synagyny tabşyrmagy, ýokary okuw mekdeplerine giriş synagyň biri hökmünde Ruhnamanyň goşulmagy bu derse ünsüň güýçlüdigini aňladýardy.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy
XS
SM
MD
LG