Sepleriň elýeterliligi

Iki sany ABŞ raýatyna halkara terrorizmde günä bildirilýär


Düýn Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri şenbe güni tussag edilen iki sany amerikan raýatyna halkara terrorizminde günä bildirilýändigini mälim etdiler.

Birleşen Ştatlaryň raýatlary 20 ýaşly Muhammed Mahmud Alessa hem-de 24 ýaşly Karlos Eduardo Almonte hepdäniň şenbe güni Nýu-Ýorkyň aeroportynda aýry-aýry uçarlarda Müsüre uçmakçy bolanlarynda tussag edildiler. Maglumata görä, olar ilki Müsüre, soňam Somaliýa barmakçy ekenler.

Şu gün, hepdäniň duşenbe güni bu raýatlaryň işi boýunça Nýu Jersiniň sudunda sud diňlenişigi başlanar diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyk gulluklary Muhammed Mahmud Alessa bilen Karlos Eduardo Almontä Al-Kaýda guramasy bilen baglanyşygy bolan Somaliýadaky Al-Şabaab terror guramasyna goşulmakçy bolanlykda aýyplama bildirýärler.
XS
SM
MD
LG