Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň howpsuzlyk ýolbaşçylary wezipelerinden çekildi


Düýn Owganystanyň prezident administrasiýasy ýurduň içeri işler ministri Hanif Atmaryň we milli howpsuzlyk edarasynyň başlygy Emrullah Salehiň wezipesinden çekilendiklerini habar berdi.

Bu resmileriň geçen hepde Kabulda geçirilen «Loýa jirge» maslahatynyň geçýän ýerine ýaragly söweşijileriň eden hüjümleri bilen baglanyşykly wezipelerinden çekilendikleri habar berilýär.

Düýn milli howpsuzlyk edarasynyň başlygy Emrullah Saleh Kabulda geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda özüniň wezipesinden çekilmegini prezident Hamid Karzaýyň Içeri Işler ministrliginiň we Milli Howpsuzlyk edarasynyň amala aşyran işlerinden kanagatlanmaýandygy bilen düşündirdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol prezidentiň bu garaýşy bilen özüniň ylalaşmaýandygyny aýtdy we öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirýändigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG