Sepleriň elýeterliligi

BP Meksikan aýlagyndaky nebit akymyny azaldýar


Düýn Britaniýanyň «Britiş petroleum» nebit kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Toni Haýward Meksikan aýlagyna guýulýan nebit akymyny iki esseden hem gowrak azaltmaklygyň başardandygyny mälim etdi.

Hususan-da, ol deňziň astynda ýarylan turbanyň üstüne oturdylan böwetleýji apparatyň kömegi bilen, deňze guýulýan nebitiň ýarsyndan gowragynyň indi deňizden ýokaryk sorulyp çykarylýandygyny aýtdy.

Toni Haýward nebitiň deňze guýulmagynyň öňüni almak ugrundaky çäreleriň dowam etdirilýändigini we şu ondäki hepdäniň ahyryna çenli deňze guýulýan nebitiň öňi doly alnar diýip umyt edýändigini mälim etdi.

«Britiş petroleum» kompaniýasyna degişli nebit skwažinasynyň ýarylmagy netijesinde Meksikan aýlagynyň ekologiýasyna örän uly zyýan ýetdi.
XS
SM
MD
LG