Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ysraýyla ultimatum berdi


Türkiýäniň daşary işler ministeri Ahmet Dawutogly
Türkiýäniň daşary işler ministeri Ahmet Dawutogly

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Gaza tarap barýan kömek konwoýyna edilen hüjüm barada halkara komissiýasynyň derňewini kabul etmegi üçin şu gün Ysraýyla ultimatum berdi.


Dawutolgy 20 sany Aziýa döwletiniň gatnaşmagynda Stambulda barýan howpsuzlyk sammitinde eden çykyşynda Ysraýyl bu derňewe garşy çykmagyny dowam etdirse, ozal özara ýaran bolan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň asla kadalaşmajakdygyny aýtdy. Türkiýäniň daşary işler ministri: “ýa-da olaryň ýaşyrara bir zady bardyr” diýdi.

Halkara derňewini teklip eden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Mun.

Ýagdaý dartgynly

31-njy maýda Ysraýyl esgerleriniň konwoýa hüjüm etmegi netijesinde Türkiýäniň dokuz raýaty heläk boldy. Bu wakanyň indi Stambulda barýan “Aziýada hyzmadaşlyk we özara ynamy artdyrmak çäreleri” atly iki günlük konferensiýada esasy tema öwrülmeginden gorkulýar.

Bu çaklama esas döredýän zat maslahata Palestinanyň prezidenti Mahmut Abbasyň-da gatnaşýanlygy. Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan we prezident Abdullah Gül bilen duşuşjak Abbas bu hüjümi “döwlet terrorizmi” diýip atlandyrdy.

Konferensiýa Ysraýyl-da çagyryldy, ýöne konferensiýa onuň diňe Türkiýedäki ilçisiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkiýe Ysraýyldan hüjüm barada ötünç soramagy talap edýär. Ysraýyl resmileri muny ret edýärler.

Gahar-gazap dowam edýärkä, Erdoganyň “Adalat we Galkynyş” partiýasyna köplenç tankydy garaýan “Hürriýet” gazeti konwoýdaky esasy türk gämisi “Mawi Marmaradan” birnäçe surat neşir etdi. Bu suratlarda Ysraýylyň “biziň esgerlerimize hüjüm edildi” diýýäni tassyklanýar. Suratlaryň käbirinde gana bulaşyp ýatan ýaraly ysraýyl esgerleri göze ilýär.

Bu aralykda Eýranyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti Ysraýylyň Gazanyň daşyndaky gabawyny böwsmek üçin iki gumanitar kömek gämisini iberjekdigini aýtdy.

Konferensiýanyň maksady


Istanbulda barýan “Aziýada hyzmadaşlyk we özara ynamy artdyrmak çäreleri” konferensiýasy ozal 2006-njy ýylda geçirilipdi. Bu gezekki maslahatda Türkiýäniň kömegi bilen Pakistanyň we Owganystanyň arasyndaky pikir tapawutlaryny ýeňip geçip, iki goňşy ýurduň yslamçy ekstremistlere garşy göreş barada hyzmatdaşlygy üçin ozal başlanan gepleşikleri dowam etdirmek hakda tagalla ediler.

1990-njy ýylda ýola goýlan bu konferensiýa Orsýet, Eýran, Owganystan, Gazagystan, Müsür, Ysraýyl, Palestina häkimiýetleri we Günorta Koreýa ýaly dürli ýurtlary öz içine alýar.

Bu ýylky maslahata owgan prezidenti Hamit Karzaý bilen Orsýetiň premýer-ministri Putin-de gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG