Sepleriň elýeterliligi

Smolenskiniň eteginde heläk bolanyň kartyndan pul çekilipdir


Smolenskiniň eteginde uçar betbagtçylygnda heläk bolanlaryň biriniň kredit kartyndan eýýäm on bir gezek pul çekilendigini Polşanyň prokuraturasy habar berdi.

Warşawanyň okrug prokuraturasynyň maglumatyna görä, ogurlanan iki kartyň birinden iki müň dollar alnypdyr, bu iş uçar ýykylandan 2-3 sagat geçenden soň bolupdyr.

Polşa güman edilýänlerden kimdir biriniň saklanandygy barasynda Orsýet tarapyndan maglumat almady.

Mundan öň Polşanyň içerki howpsuzlyk edarasynyň wekili betbagtçylygyň bolan ýerini goran esgerlerden dördüsiniň şu iş boýunça tussag edilendigini aýdypdy.

Bu jenaýata öz harby gullukçylarynyň gatnaşygyny Orsýet inkär edýär.
XS
SM
MD
LG