Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda 26 ýyl öňki waka boýunça höküm çykaryldy


1984-nji ýylda Bhopal şäherinde himiýa kärhanasynda bolan uly senagat betbagçylygyna gatnaşygy barlykda aýyplanýan ýedi sud edilýäne Hindistanda höküm çykaryldy.

Olaryň hersi iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Hindi hökümetiniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň Ýunion Karbaýd kompaniýasynyň zawodynda zäherli gazyň howa giňişligine goýberilmegi sebäpli 15 müň töweregi adam heläk bolupdy.

Müňlerçe diri galan adamlardan häzirem gaz zäherlenmesiniň kynçylyklaryny başdan geçirýändikleri habar berilýär.

Häzirki çykarylan höküm Bhopal tragediýasy boýunça soňky 25 ýylda çykarylan ilkinji hökümdir.

Günäkärlere berlen jezanyň juda ýeňildigini adam hukuklaryny goraýjylar belleýärler.
XS
SM
MD
LG