Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl –Türkiýe gatnaşyklary dartgynlylygyna galýar


“Eger Ysraýyl ýakynda bolan deňiz insidenti boýunça halkara derňewinden boýun gaçyrsa, Ysraýyl bilen gepleşikler geçirmek barada gürrüň bolmaz” - diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri aýtdy.

31-nji maýda Ysraýylyň ýörite bölümi hüjüm edende Palestina tarapdar aktiwistlerden 9 adam heläk boldy, olaryň köpüsi Türkiýäniň graždanlarydy.

“Eger Ysraýyl BMG-nyň Baş sekrery Ban Ki-Munuň halkara derňewini geçirmek barada eden teklibini kabul etmese, diýmek, Ysraýylda gizläre zat bar” diýip, Ahmet Dawutogly aýtdy.

Türkiýäniň daşary işler ministri howpsuzlyk problemalary we ynam çäreleri boýunça Stambulda açylan regional sammitde metbugat konferensiýada çykyş etdi.

20 ýurduň wekilleri gatnaşýan bu sammite Orsyetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň we Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejadyň gatnaşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG