Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ-nyň Goranmak ministri Bakuwda saparda boldy


Daglyk Garabag problemasy sebäpli Baku bilen Ýerewanyň gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak meselesini özüniň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri etmäge ABŞ Azerbaýjana wada berdi.

Bu barasynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýewe ýollan hatynda aýdylýandygyny, haty azeri prezidentine sapar bilen Bakuwa gelen ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýtsiň gowşurandygyny günbatar agentleri habar berýär.

Obama şeýle-de Azerbaýjanyň Owganystandaky harby operasiýalara gatnaşmagyna ýokary baha berdi.

Alyýew bilen ýekşenbe güni geçiren gepleşiklerinde baş temanyň harby-tehniki hyzmatdaşlyk meseleleri bolandygyny duşenbe güni Robert Geýts žurnalistlere aýtdy.
XS
SM
MD
LG