Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Gaza sektorynda duran palestin gämisine zarba urdy


Ysraýylyň harby-deňiz güýçleriniň Gaza sektorynyň merkezi böleginiň kenarynda duran palestin gämisine zarba urandygyny Ysraýyl komandowaniýesi habar berdi.

“Ysraýyl harby deňizçileri suwa çümülýän ýörte geýimli hem hüjüm etmäge taýýar terroristleriň bir wzwodyny anykladylar” diýip, komandowaniýäniň wekili aýtdy.

Şolar oka tutulyp, bäşisi öldürilipdir.

Ysraýylyň DIM–niň wekili şeýle diýdi: “Şu gün ertir terroristleriň Ysraýyl territoriýasyna aralaşmaga synanyşyk eden wagty bolan waka – bu Gaza sektorynda ýagdaýyň nähilidigine ýene bir subutnama. Ol ýerde Hamas terroristik režimi ornaşdy. Şol territoriýa Ysraýyla hüjüm etmek üçin plasdarm bolup hyzmat edýär. Hamas bu barasynda ençeme gezek açyk aýtdy. Olar biziň üstümize islendik amatly pursatda çozmakçylygyny aýdýarlar”.

“Öldürilenler deňiz harby bölüminiň esgerleridi, olar türgenleşik geçirýärdiler” diýip, Al Aksanyň şehitleri brigadasynyň, palestin “Fath” toparynyň harbylaşdyrylan bölüminiň wekili žurnalistlere aýtdy.
XS
SM
MD
LG