Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde daşky sredany goramak boýunça 20 ýyllyk plan düzüler


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň hökümetine daşky sredany goramak boýunça 20 ýyllyk plany işläp düzmeklige görkezme berdi.

Munuň özi prezident Medwedewiň ekologiýa meselesine ýurduň ozalky prezidenti Wladimir Putine görä has tapawutly syýasat bilen çemeleşýändigini görkezýän alamat hökmünde peýda boldy.

Geçen aý Dmitriý Medwedew ýurduň hökümetini ekologiýa meselesine biperwaý çemeleşmekde tankytlady. Şeýle hem, ol Orsýetiň orta mekdepleriniň okuw programmalaryna ekologiýa ylmy boýunça geljekde hökmany sapagyň girizilmegine-de görkezme berdi.
XS
SM
MD
LG