Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň esasy banklaryndan biri döwlet eýeçiligine geçdi


Duşenbe güni Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa ýurduň esasy banklaryndan birini döwlet eýeçiligine geçirmek barada ýörite permana gol çekdi.

Döwlet eýeçiligine geçirilen «AsiaUniwersalBank» atly bank mundan öň biznesmen Mihail Nadel hem-de Kurmanbek Bakyýewiň ogly Maksim Bakyýew tarapyndan dolandyrylyp gelnipdi.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti bu soňky kararyň ýurduň bank we maliýe sistemasyny durnuklaşdyrmak maksady bilen kabul edilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG