Sepleriň elýeterliligi

BMG-de Eýranyň ýadro programmasy maslahatlaşyldy


Duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly bu ýurda garşy täze sanksiýalary girizmek meselesi barada ýapyk gapylaryň aňyrsynda maslahat geçirdi.

Geçen hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmileri Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmegi ugrunda belli bir ädimleriň ädilendigini mälim edipdiler.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, düýn Halkara Atom agentliginiň başlygy Ýukiýa Amano Eýranyň öz ýadro materiallarynyň parahatçylykly maksatlar üçin niýetlenendigini subut etmekligi başarmandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Geçen hepde bu agentlik öz ýaýradan täze hasabatynda Eýranyň eýýäm ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň 6 kilograma golaýyny öndürendigini tassyklapdy.
XS
SM
MD
LG