Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan bilen ABŞ goşmaça şertnama gol çekişdi


Duşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda neşelere gözegçilik etmek we kanunçylygyň goragyna ýardam etmek barada ozalky bar bolan Ylalaşygyň üçünji goşmaça dokumentine gol çekişlik dabarasy boldy.

Bu baradaky ozalbaşky Ylalaşyk Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň arasynda 2001-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda baglaşylypdy.

Düýnki goşmaça dokumente gol çekişlik dabarasyna Türkmenistan tarapyndan ýurduň daşary işler ministri, wise-premýer Raşid Meredow, Birleşen Ştatlar tarapyndan bolsa Türkmenistandaky wagtlaýyn işleri ynanylan wekili hanym Silwiýa Rid Kurran gatnaşdylar.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi bu täze dokumentiň neşelere gözegçilik etmek we kanunçylygy goramak boýunça ozalky bar bolan özara ylalaşygyň mümkinçiliklerini has-da giňeldýändigini habar berýär.
XS
SM
MD
LG