Sepleriň elýeterliligi

Otunbaýewa erkin saýlawlary wada berýär


Gyrgyzystanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji we wagtlaýyn hökümetiň başlygy Roza Otunbaýewa Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy. 4-nji iýunda Bişkekde geçirilen interwýuny Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki býurosynyň ýolbaşçysy Burulkan Sarygulowa geçirdi.


Azatlyk Radiosy: 27-nji iýuna bellenen Gyrgyzystanyň Konstitusiýasy boýunça referendumyň geçirilmegine üç hepde wagt galdy. Ses berişlige taýýarlyk döwründe wagtlaýyn hökümetiň esasy ünsi nämä gönükdirilýär?


Roza Otunbaýewa: Ilkinji nobatda biz Merkezi saýlaw komissiýasyna ýardam bermek üçin ştab döretdik. Bu ştabyň baştutany “Ata Meken” sosialistk partiýasynyň ýolbaşçysy we wagtlaýyn hökümetiniň başlygynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew biziň ählimiz we häkimler bilen duşuşyp, guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdyk.

Saýlawdan öň köp taýýarlyk işler edilmeli. Bu şäherleriň we obalaryň köçelerinde referendum barada habar berýän bannerleriň we reklama maglumatlarynyň ýerleşdirilmegine, şeýle-de ses berijileriň sanawlary boýunça düşündirişleriň berilmegine degişli.

2009-njy ýylyň maglumatlaryna görä, ýurtda çak bilen 3 155 000 ses beriji bar. Biz şol maglumatlary, ýagny ses berijileriň takyk sanyny anyklamaly. Gyrgyzystanda adamlaryň bir ýerden başga ýere göçmeginiň derejesi soňky ýyllarda örän ýokary bolupdy. Üstesine tomus aýlaryny raýatlaryň belli bir bölegi oba ýerlerinde geçirýär.

Agzalan işler edilensoň, bizde referendumyň adalatly geçirilmegi üçin şert dörär. Gyrgyzystana köp sanly halkara synçylary gelýär. Diňe ÝHHG-niň özi 300-e golaý synçy iberýär. Merkezi saýlaw komissiýasynyň alty agzasy BMG-niň mandatyna eýe boldular. Bu synçylaryň köp boljagyny we bize dürli tarapdan gözegçilik ediljegini aňladýar.

Azatlyk Radiosy: Prezidentlik saýlawlarynda dalaş etmek mümkinçiliginden el çekip, geçiş döwründe hökümete ýolbaşçylyk etmäge razylyk bermegiňize näme sebäp boldy? Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir aktiwistler siziň bu ädimiňizi ýazgaryp, kimdir biri siziň hukugyňyzdan bilkastlaýyn peýdalanmaga çalyşýar diýen pikiri öňe sürýärler.

Roza Otunbaýewa: Jemgyýetimiz häzir örän agyr ýagdaýda. Biz köp möhüm wakalara şaýat bolduk. Biz köp möhüm ideýalara eýe bolduk. Dürli pikirler we syýasy ambisiýalar kän. Biz häzir özboluşly şertlerde ýaşaýarys. Bize prezidenti we parlamenti saýlamak işi garaşýar. Biz referendumy hem geçirmeli. Jemgyýetimiziň öňünde duran synaglar, ine, şundan ybarat. 27-nji iýunda biz referendumy geçirip, hudaýyň kömegi bilen Konstitusiýamyzy kabul ederis. Bu biz üçin öňe tarap uly bir ädim bolar.

Köp syýasy partiýalar umumymilli saýlawlara taýýarlyk görýärler, öz kongreslerini geçirýärler, syýasy toparlara bölünişip, ylalaşyk baglaşýarlar. Ýurdumyzda 100-den gowrak syýasy partiýanyň bardygy we olaryň sanynyň ýene köpelýänligi habar berilýär.

Adamlar saýlawlaryň guramaçylygynyň parahatçylykly geçmegini isleýärler we muňa aladalanma bildirýärler. Soňky günlerde ýagdaýyň dartgynlaşýanlygyny görýäris. Ýurduň günortasyndaky soňky wakalar, demirgazykdaky şol sanda Naryndaky protest çykyşlary aladamyzy artdyrýar.

Azatlyk Radiosy: Geljekki prezidentlik saýlawlarynda saýlanmak mümkinçiligini elden berenligiňiz barada oýlanýarmysyňyz?


Roza Otunbaýewa: Men beýle pikir etmeýärin, sebäbi ýurduň bähbitleri meniň öz şahsy bähbitlerimden has möhüm. Askar Akaýaewi soň Kurmanbek Bakiýewi häkimiýet başyndan çetleşdirip, özümiziň höküm sürmek isleýänligimiz barada biziň adymyza edilýän käbir çykyşlary men ret etmek isleýärin.

Biz ýurdumyzy agyr krizisden çykarmaga çalyşýarys. Prezidentlik wezipesine dalaş etmek isleýänler hem şeýle mümkinçilige bir, bir ýarym ýyldan eýe bolarlar. Men bolsa prezidentlige öz kandidaturamy teklip etmeýärin. Meniň wezipäm jemgyýetiň 2007-nji ýylyň Konstitusiýasyndan 2010-njy ýylyň täze Konstitusiýasyna geçiş ýolunyň diňe bir bölegidir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG