Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk Geňeşi Eýran sanksiýalary barada maslahatlaşýar


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi sişenbe güni Eýranyň ýadro programmasy baradaky 4-nji sanksiýanyň rezolýusiýasyny sese goýmazynyň öňüsyrasynda maslahat etdi.

Geňeşiň 15 ilçisi tapgyr ikinji gün ýapyk gapylaryň arkasynda maslahat etdi. Olar ABŞ tarapyndan taslanan sanksiýalar rezolýusiýasyny sese goýmazdan öň Brazildir Türkiýäniň Eýran bilen ýadro gapma-garşylygy barada açyk gürrüň etmek talabyny maslahatlaşdylar.

Fransiýanyň BMG-däki ilçisi Gerard Araud özüniň Geňeş çarşenbe güni Eýrana garşy rezolýusiýa girizmegi sese goýar öýdýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts sişenbe güni özüniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gaty basym Eýrana garşy täze senksiýalar tapgyryny girizjegine umyt edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG