Sepleriň elýeterliligi

Orsýet uçar heläkçiligindäki talaňçylygy tassyklaýar


Rus prokurorlary 4 esgeriň uçar heläkçiliginiň pidalarynyň kredit kartlaryny ogurlamakda aýyplanandygyny we olaryň öz günälerini boýun alandyklaryny aýdýarlar.

Olar Polşanyň prezidenti Leh Kaçinskiniň heläk bolan uçarynyň pidalaryna degişli kredit kartlary ogurlapdyrlar.

Federal derňew komiteti ol esgerleriň polýak uçarynyň ýykylan ýeriniň golaýyndaky Smolensk aeroportuna berkidilendigini aýdýar.

Polýak derňewçileri ýekşenbe güni Polşanyň milli uruş ýatlamalary komitetiniň başlygy bolan Anjeý Pžewoznigiň bank hasabyndan 1700 dollar çemesi puluň alnandygyny aýtdylar.

Orsýet başda bu ogurlygy we esgerleriň tutulandygyny inkär edipdi.
XS
SM
MD
LG