Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Eýran sanksiýalarynyň «iş ýüzünde» ylalaşylandygyny aýdýar


Orsýetiň premýer ministri Wladimir Putin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýranyň ýadro programmasy sebäpli oňa garşy täze saksiýalar tapgyryny girizmeginiň «iş ýüzünde» ylalaşylandygyny aýdýar.

Şeýle-de Putin Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad bilen duşuşjagyny aýtdy. Bu liderleriň ikisi hem Stambulda geçýän regional sammite gatnaşýar.

Putin Stumbulda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, BMG-niň sanksiýalary öte agyr bolmasa hem Eýranyň, onuň ýolbaşçylarynyň we halkynyň parahatçylykly ýadro energiýasyny öndürmeginiň öňünde päsgelçilik döretmese gowy boljagyny aýtdy.

Ahmedinejad başga bir metbugat konferensiýasynda çykyş edip, Orsetiň Eýranyň duşmanlarynyň tarapyny tutmazlygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG