Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz müftisi ýenjilip, hassahana düşdi


Gyrgyzystanyň iş başyndaky müftisi Söýün Hajy Kulyýew paýtagt Bişkekde bolan dini üýşmeleňde ýenjilenden soň hassahana ýerleşdirildi.

Kulyýewiň garyndaşlary ýekşenbe güni dindarlaryň ýygnanyşygynda oňa ondan gowrak adamyň hüjüm edendigini aýtdylar.

Içeri işler ministrliginiň metbugat gullugy Kulyýewiň bu hüjüm barada şikaýat arzasyny ýazmandygyny aýdýar.

Gyrgyzystanyň ýokary dini häkimiýeti bolan müftiligiň metbugat gullugy hüjümçileriň Kulyýewiň işden çekilmelidigini aýdyp gygyrandyklaryny aýdýar.
XS
SM
MD
LG