Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Bosgunlar gullugy Liwiýadan çykarylandygyny aýdýar


BMG-niň Bosgunlar gullugy sişenbe güni Liwiýadan hiç bir düşündirişsiz çakarylandygyny aýtdy.

BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň sözçüsi Melissa Flemiň gullugyň liwiýa hökümetinden işini togtadyp, ýurtdan çykmalydygy barada buýruk alandygyny aýtdy.

Flemiň liwiýa hökümetiniň bu kararyň sebäbini düşündirmändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Liwiýanyň BMG-däki missiýasy bu barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdi.

Bu gulluk Liwiýa gaçyp gelýän bosgunlary hasaba almak üçin gaty möhümdi.

Flemiň bu gullugyň eýýäm palestin topraklaryndan, Yrakdan, Sudandan, Somaliden we beýleki afrikan ýurtlaryndan gaçyp gelen bosgunlaryň 9 müň çemesini hasaba alandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG