Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina HWF pul bermese, Orsýete ýüz tutjagyny aýdýar


Ukrainanyň premýer-ministriň orunbasary Serhiý Tihipko sişenbe güni eger Halkara walýuta fondy 19 milliard dollar karz bermese, özleriniň Orsýete we beýleki ýurtlara ýüz tutmaly boljagyny aýtdy.

Tihipko duşanbe güni telewideniýede berlen çykyşynda hökümetiň içerki we halkara maýa bazarlaryna hem ýüz tutup biljegini, emma Halkara walýuta fondy bilen işleşmegi ileri tutýandygyny aýtdy.

HWF Ukrainanyň hyzmat nyrhlaryny ýokarlandyrmak ýaly halanmaýan çäreler bilen býudjet ýetmezçiligini kemeltmegini isleýär.
XS
SM
MD
LG