Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz häkimiýetleri uly banky millileşdirýär


Gyrgyzystanyň geçiş hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa ýurduň iň uly banklarynyň birini millileşdirmek baradaky karara gol çekdi.

AziýaUniwersalBank biznesmen Mihail Nadel bilen Maksim Bakyýew tarapyndan dolandyrylýardy.

Maksim gyrakladylan prezident Kurmanbek Bakyýewň ilki nikasyndan bolan iki oglunyň biridir.

Geçiş hökümeti bu karara ýurduň bank hem töleg sistemasyny gowulandyrmak we bankyň maliýe ýagdaýynyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin gelendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG