Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Amnesty International» Eýranyň hökümetini aýyplady


Sişenbe güni adam hukuklaryny goraýjy halkara «Amnesty International» guramasy Eýranyň hökümetini ýurtdaky ähli oppozision garaýyşlary basyp ýatyrmak synanyşyklarynda aýyplady.

Bu barada täze ýaýradan hasabatynda «Amnesty International» Eýranyň häkimiýetlerini ýurduň häzirki syýasy režiminiň tankytçylaryna, şol sanda, ýuristlere, alymlara, ozalky syýasy tussaglara, şeýle hem, etnik we dini azlyklaryň wekillerine garşy ölüm jezasyny ulanmak, olary gynamalara we türme tussaglygyna sezewar etmek ýaly çäreleri ulanýanlykda tankytlady.

«Amnesty International» guramasynyň bu hasabaty Eýranda geçen ýylyň 12-nji iýunynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň ýyl dönüminiň öňýanyndaky günlere gabat geldi.
XS
SM
MD
LG