Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystandaky türkmen studentleri kösenýär


Gyrgyzystandaky türkmen studentleriniň ýagdaýy barada dürli habarlar we maglumatlar gelip gowuşýar.

Käbir studentler Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda gyrgyz polisiýasy tarapyndan saklanyp, soňra bolsa pul berip sypýandyklaryny tassykladylar.

Türkmen studentleri üçin dörän ýagdaý olaryň ene-atalaryny hem alada goýýar.

“Gyrgyzystanda biziň ýaşlarymyz bilen bagly nämeleriň bolup geçýändigi barada Türkmenistanyň döwlet resmileri maglumat berseler gowy bolardy” diýip, türkmenistanly studentleriň ene-atalary aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Germaniýadaky habarçysy Taher Shir Mohammadi tarapyndan taýýarlanan “Ýaşlar” programmasynda türkmen studentleri üçin Gyrgyzystanda dörän dürli kynçylyklar barada maglumat berilýär.

“Ýaşlar” gepleşigini diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Degişli makalalar

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG