Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň ykdysadyýeti gylyň üstünde


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde şu gün Eýranyň garşysyna göz öňünde tutulan täze sanksiýalaryň rezolýusiýasy boýunça geçen ses berilşik Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen Hytaýa bu rezolýusiýany goldatmak üçin eden diplomatik tagallalarynyň netijesi.

Täze çärelerden maksat – ilkinji nobatda yslam respublikasynyň “Rewolýusiýa sakçylary” we şoňa degişli guramalary nyşana almak. Ýöne kabul edilen ýagdaýynda bu sanksiýalaryň Eýranyň ozal hem öwerlik bolmadyk ykdysadyýetini öňküden-de çökermegi mümkin.

Mundan ilkinji nobatda zyýan çekjek Eýranda üstümizdäki ýylyň ikinji ýarymy üçin göz öňünde tutulan subsidiýa programmasy. Prezident Mahmut Ahmedinejad bu reforma planyny “Geçen 30 ýyllykda Eýranda bolan ykdysady proýektleriň iň ulusy” diýip atlandyrdy.

Eýran hökümeti ýurtda sarp edilýän 16-dan agdyk haryt we käbir beýleki önümleriň bahasyny arzan derejede saklamak üçin geçen 32 ýylyň dowamynda pul kömegini goýberip geldi.

Hökümetiň şu ýyl goýberjek pul kömegi 90 milliard dollardan aşar diýip, çak edilýär. Bu hem Eýranyň tutuş bir ýyllyk içerki önüminiň 25 prosentine barabardyr.

Ýangyç girdejisi we çykdajysy


Häzir ýangyç ýetmezçilik edýänligi sebäpli Eýran hökümeti içki bazara gerek ýangyjyň 40 prosentini importirleýär. Diňe 2009-njy ýylda Eýran importirlenen ýangyç üçin 11 milliard dollar çykdajy etdi.

Ýurduň öz içinde sarp edilýän ýangyjyň geçen 30 ýyllykda 500 prosent artmagyna sebäp bolan faktor ýangyjyň bahasyna pul kömeginiň goýberilýänligi. Şu döwrüň içinde Eýranyň ilat sany bolsa diňe iki esse artdy.

Ykdysady önümçilik artan bolsady, onda energiýa sarp edilişi bilen ilatyň ösüş derejesiniň arasyndaky deňsizligi aklap bolardy. Ýöne geçen 30 ýyllykda adam başyna düşýän önümçilik Eýranda diňe 1,5 esse artdy.

Ýurda daşardan gelýan girdejiniň 85 prosenti nebit eksportyndan gelýär. Geçen 18 aýlykda nebitiň bahasy 50 prosent çemesi aşaklady. Şol bir wagtyň özünde-de Eýranda nebit önümçiligi 2009-njy ýylda günde 4,2 million barrel bolan bolsa, onda bu ýyl ol 3,6 million barrelden hem azaldy.

Şol sebäpden 2010-njy ýylda Eýranyň walýuta girdejisi 2009-njy ýyldaka garanda ep-esli azalar diýip çak edilýär. Eýranyň häzir eksport edýän nebiti günde iki million barrelden hem aşakda. Bu hem ýurda daşardan gelýän girdejiniň 9,5 milliard dollar azaljakdygyny aňladýar.

Ykdysady görkezijiler

Ekspertleriň çaklamagyna görä, üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli Eýranyň ykdysadyýetinde artan zat bolmaz. Inflýasiýa derejesi bolsa geçen iki ýyllykda bolan durgunlyk zerarly häzir 15 prosent. Öten ýyl bu san 25 prosentdi. 15 prosent her halda 25 prosentden gowy.

Mejlisiň barlag merkeziniň bildirmegine görä, täze ykdysady planyň amala aşyrylmagy we subsidiýalaryň kesilmegi netijesinde Eýranda ýaşaýyş harajatynyň 60 prosent artmagy mümkin.

Birleşen Milletler Guramasy bilen Birleşen Ştatlaryň täze sanksiýalarynyň, Eýranyň ýadro progammasynyň garşysyna gönükdirilse-de, ýurtdaky ykdysady kynçylygy artdyrmagy mümkin.

Reza Taghizadeh “Farda” radiosynyň synçysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG