Sepleriň elýeterliligi

Harby-deňiz okuwy gün tertibinde


Türkmenistanly kapitan Aly Tuwakgylyjow azerbaýjanly kapitan Samir Akbarly bilen telekommunikasiýa enjamyny öwrenýär, Baumholder, Germaniýa, maý, 2007-nji ýyl.

Türkmenistanly kapitan Aly Tuwakgylyjow azerbaýjanly kapitan Samir Akbarly bilen telekommunikasiýa enjamyny öwrenýär, Baumholder, Germaniýa, maý, 2007-nji ýyl.

8-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda ýurtdaky ylmyň, şol sanda harby bilimiň ýagdaýyna üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň täze binasy
Türkmenistanyň prezidentiniň, harby we kanun goraýjy ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyny döretmek baradaky karara gol çekildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen dörediljek Harby-deňiz institutynda okajak kursantlar iň ýokary derejede synagdan geçirilip, kabul ediler.

Türkmenistanyň prezidentiniň sözelerine görä, ýurduň ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlaryna ählitaraplaýyn taýýarlanan, fiziki taýdan sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlar kabul edilmeli.

Bu harby okuwa kabul ediljek ýaşlar “Watanyna wepaly hyzmat etmäge we ýurtda kanunçylygyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmäge taýýar bolmaly” diýip, türkmen metbugatynda aýdyldy.

Türkmenistanyň goranmak ministri Ý.Berdiýewe Harby-deňiz institutynyň binasynyň gurluşyk proýektini taýýarlamak we onuň guruljak ýerini kesgitlemek boýunça iş geçirmek tabşyryldy.

Harby kadrlar

"Türkmenistanyň Harby-deňiz institutyny döretmek karary ýurduň Hazar deňzinde harby kuwwatyny güýçlendirmek islegini görkezýär" diýip, regional bilermen Ankaranyň Gazy Uniwersitetinden halkara gatnaşyklar boýunça professor Mehmet Seýfetdin belleýär.

Türkmenistanyň harby-deňiz ugrundan ýokary okuw jaýyny açmak karary milli kadrlary taýýarlamaga ünsi gönükdirenligini aňladýar diýen pikirler hem orta atylýar.

Postsowet döwletleri boýunça bilermen Aleksandr Narodetskiniň pikirine görä, Türkmenistanyň Harby-deňiz insitutynyň döredilmegi ýurtda kadrlar ýetmezçiligi bilen bagly uly problemanyň hem bardygyny ýene bir gezek subut edýär.

Analitik Narodetski kadrlar ýetmezçiliginiň ýurduň diňe bir harby pudagy bilen çäklenmän, ähli ugurlaryna degişlidigini belleýär.

“Türkmenistanyň ýurduň içerki ýagdaýyna degişli maglumatlary köpçülikden gizlin saklamagy hakyky ýagdaýyň çakdanaşa aýylgançlygy barada pikir döredýär” diýip, Narodetski aýtdy.

Bilermenler milli kadrlary taýýarlamak meselesiniň beýleki pudaklara garanda harby pudak üçin has ähmiýetlidigini belleýärler.

Şol bir wagtda-da beýleki ýurtlaryň tejribelerini öwrenmek we daşary ýurtly spesialistleriň hyzmatlaryndan peýdalanmak boýunça halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylýan tejribelerden ýurduň howpsuzlygyna we harby ukybyna degişli ugurlarda köplenç peýdalanyp bolmaýanlygy aýdylýar.

Ýurduň deňiz serhedi

Aleksandr Narodetskiniň pikirine görä, Harby-deňiz institutynyň döredilmegi ýurduň deňiz serhediniň berkidilmegine döwlet tarapyndan berilýän ünsüň güýçlenýänligini hem görkezýär.

Türkiýeli bilermen Mehmet Seýfetdin Türkmenistanyň Hazar deňzinde harby kuwwatyny artdyrmak boýunça soňky döwürde çäre görýänligini belleýär.

Mehmet Seýfetdiniň sözlerine görä, Azerbaýjan bilen özara dawalaryň ençemesi çözgütsiz galýar we Orsýet hem Hazar deňzinde öz kuwwatyny artdyrmagy dowam edýär. “Hut şu ýagdaý hem Türkmenistanyň Hazar deňziniň statusyna we regiona ünsi güýçlendirmegine itergi berýär”.

Geçen ýyl Türkmenistan Hazar deňzinde Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby-deňiz bazasyny gurmak planyny yglan edipdi.

Şeýle howpsuzlyk we harby çäreleriň ýola goýulmagyna sebäp edip, sebitde ekstremistik, kontrabanda we terror hereketleriniň köpelýändigi we şeýle howplara garşy sebitdäki beýleki döwleteriň hem öz harby býudjetlerini artdyrýandyklary görkezilipdi.

Geçilmeli ýol kän

Aleksandr Narodetski Harby-deňiz institutynyň gurluşygy üçin ýer gözlemek boýunça iş geçirilip, täze bina gurulýança we açylansoň hem harby okuw jaýy işläp başlaýança ep-esli wagtyň geçjekdigine ünsi çekdi.

Postsowet döwletleri boýunça bilermen Narodetski, institut işläp başlansoň, kadrlary okadyp taýýarlansoň, harby-deňiz goşunynyň täze kadrlara ýene-de 10-15 ýyldan eýe boljakdygyny çak etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň harby-deňiz goşunlary Döwlet serhet gullugy tarapyndan dolandyrylýar. Türkmenistan Hazar deňzinde Eýran, Azerbaýjan we Gazagystan bilen serhetleşýär.

Britaniýada ýerleşýän “IHS Jane's” harby-barlag edarasynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň harby-deňiz kuwwaty Hazar regionyndaky beýleki ýurtlaryň arasynda iň gowşagy bolup, ýurduň deňiz güýçleri 700-e golaý harby işgärden we 16 sany patrul gaýygyndan ybarat.

Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow planlaşdyrylýan harby-deňiz bazasynda ýaragly güýçleriň hemişelik esasda ýerleşdiriljekdigini we raketa sistemasyna eýe bolan iki sany harby gäminiň satyn alynjakdygyny mälim edipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG