Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow medeniýet ministrinden nägile


Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow

Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradow

9-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.


On ýyl abadançylyk köçesi bilen Atatürk köçesiniň çatrygynda gurulýan Döredijilik şäherçesiniň gurluşygyna aýlanyp gören Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň bellenilen möhletinden yza galýandygyny nygtap, ýurduň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowa, wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowa nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleri düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

2007-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Berdimuhamedow «Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşypdy.

Şonda prezident döredijilik işgärleriniň durmuşy we netijeli işi üçin şertleri döretmek maksady bilen häzirki zaman has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar baglaryny, sungat mekdeplerini we döredijilik ýokary okuw mekdeplerini özünde jemleýän täze döredijilik şäherjigini döretmek ideýasyny aýdypdy.

Şol duşuşykdan soň, prezidentiň karary netijesinde, Döredijilik şäherçesiniň gurluşygyna girişildi. Bahasy 150 million dollara golaý bolan bu proýekti amala aşyrmak Türkiýäniň «Sehil Inşaat» kompaniýasyna ynanyldy.

Döredijilik şäherçesi Türkmen döwlet medeniýet institutyny, ýörite sazçylyk mekdebini, çagalar bagyny, umumy bilim berýän orta mekdebi, üç sany köp gatly jaýlary özünde jemleýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanansoň, 200-den gowrak kwartiralar ýurduň medeniýet we döredijilik işgärlerine paýlanylar.

Döredijilik şäherçesiniň gurluşygy bellenilen tertip boýunça 2009-njy ýylyň oktýabrynda doly tamamlanmalydy. Emma, muňa garamazdan, gurluşygyň işiniň häzire çenli ýarysy hem bitirilmändir.

Şu sebäpden ýurduň prezidenti Berdimuhamedow medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowa öz nägileligini bildirdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG