Sepleriň elýeterliligi

Ýewreý ilatynyň elinden alnan ýerler gaýtarylyp beriler


Düýn Çehiýa respublikasynyň paýtagty Pragada dünýäniň 40-dan gowrak ýurdunyň resmileri Ikinji Jahan urşundan öň ýewreý ilatynyň elinden bikanun alnan ýerleri we jaýlary gaýtaryp bermek meselesi boýunça ýörite ylalaşyga gol çekdiler.

Germaniýadaky nasistler tarapyndan talanan şol hususy emläkleri ejir çeken ýewreýlere ýa-da olaryň nesillerine gaýtaryp bermek baradaky bu ylalaşyga dünýäniň 43 ýurdy gol çekdi. Bu ylalaşyk hökmany borçlandyryjy güýje eýe däl.

Ylalaşyk 1933-nji we 1945-nji ýyllar aralygynda şol wagtky Germaniýada ýaşan we hususy emläkleri bikanun ellerinden alnan ýewreýlere ýa-da olaryň nesillerine kompensasiýalaryň tölenmegi barada rekomendasiýalary teklip edýär.
XS
SM
MD
LG