Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kandagardaky partlamada 39 adam heläk boldy


Düýn Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynda içine bomba ýerleşdirilen maşynyň partladylmagy netijesinde azyndan 39 adamyň ölüp, 70 töweregi adamyň hem ýaralanandygy barada maglumat alyndy.

Ýerli resmileriň aýtmaklaryna görä, bu partlama Kandagar welaýatynyň bir ilatly punktynda toý dabarasynyň geçýän ýerinde amala aşyrylypdyr.

Partlamanyň janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyrylan bolmagy mümkin diýlip çaklanylýar.

Bu wakanyň fonunda bolsa, düýn Owganystanyň günortasynda ýaragly hüjümçileriň NATO güýçlerine degişli bir harby wertolýoty atyp ýere gaçyrmaklary netijesinde, amerikaly dört esgeriň ölendigi barada maglumat alyndy.
XS
SM
MD
LG