Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Eýrana garşy täze sanksiýalary girizdi


Düýn Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy berk sanksiýalaryň kabul edilmegini Tährana gönderilen «dogry duýduryş» diýip atlandyrdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde sanksiýalaryň kabul edilmeginiň yzýany eden bu çykyşynda prezident Obama bu sanksiýalara garamazdan, Eýran üçin diplomatik gepleşikleriň gapysynyň heniz ýapyk däldigini nygtady.

Emma BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde bu rezolýusiýa garşy ses beren Türkiýäniň Daşary işler ministrligi bu soňky sanksiýalaryň Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dawalary diplomatik ýollar bilen çözmek mümkinçiliklerini has-da azaldýandygyny aýdyp, çykyş etdi.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat düýn Täjigistanyň paýtagty Duşenbede bu waka bilen bagly eden çykyşynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kabul eden sanksiýalaryny Eýranyň halky üçin «nähak şarpyk» bir waka diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG