Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Belarusa garşy sanksiýalarynyň möhletini uzaltdy


Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlary Belarusda demokratik reformalaryň amala aşyrylmagyny talap edip girizen ozalky sanksiýalarynyň möhletini ýene bir ýyl uzaltdy.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri bu sanksiýalaryň Belarusyň belli-belli resmilerini, şeýle hem, ynsan hukuklarynyň bozulmalaryna we korrupsiýa dahylly käbir şahsyýetleri nyşana alýandygyny aýdýarlar.

Düýn Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Andreý Sawinyh Birleşen Ştatlaryň bu sanksiýalaryny «gapma-garşylyklara meçew beriji we manysyz» çäre diýip atlandyryp, ony tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG