Sepleriň elýeterliligi

Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasynyň sammiti başlaýar


Şu gün Özbegistanyň paýtagty Daşkentde Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasynyň ýyllyk Sammiti öz işine başlaýar.

Iki gün dowam etjek bu Sammite bu gurama agza Orsýetiň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet liderleri gatnaşar diýlip garaşylýar.

Orsýetiň «RIA Nowosti» habar agentligi bu maslahatyň dowamynda Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasyny giňeltmek meselesine-de garalmagynyň mümkindigini öňe sürýär. Pakistan bilen Hindistan bu gurama agzalyga kandidat ýurtlar diýlip hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG