Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Žurnalistlere edilýän hüjümler "howsala dörediji"


Gazagystandaky metbugat azatlygy boýunça protest aksiýasy, iýun, 2009-njy ýyl.

Gazagystandaky metbugat azatlygy boýunça protest aksiýasy, iýun, 2009-njy ýyl.

Ýakynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň media azatlygy boýunça ýörite wekili wezipesine bellenen Dunja Mijatowiç 9-njy iýunda ozalky Sowet Soýuzyna degişli ýurtlarda žurnalistlere rehimsiz daralmagy bilen baglanyşykly wakalaryň alada dörediji ýagdaýda artandygy barada beýanat bilen çykyş etdi.


ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili wezipesine bellenen Dunja Mijatowiç
56 ýurdy özüne birikdirýän Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň media azatlygy boýunça ýörite wekili wezipesine Dunja Mijatowiç mundan uç aý öň bellenipdi.

Asly gelip çykyşy boýunça Bosniýa-Gersogowinadan bolan hanym Dunja Mijatowiç 9-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň Helsinki Komissiýasynyň öňünde ýörite hasabat bilen çykyş etdi.

Ol özüniň bu çykyşynda ÝHHG guramasyna agza ýurtlaryň çäklerinde kabul edilýän repressiw kanunlaryň we jogapsyz galdyrylýan hüjümleriň bu guramanyň «ýüzügaraçylygyny» has-da artdyrýandygyny nygtady.

Şeýle hem, ol bu ugurda bar bolan problemalara garşy gysga wagtlyk we ýüzleý görülýän çäreleriň garaşylýan netijeleri bermeýändigini belledi.

Ol bu barada, hususan-da, şeýle diýdi: «Žurnalistlere garşy ulanylýan zorluklar jemgyýete we demokratiýa garşy gurnalýan zoruk bolup durýar. Şoňa görä-de, beýle zorluklar olary gurnaýjylary berk ýazgarmak hem-de olary jogapkärçilige çekmek bilen garşy alynmalydyr”.

Dunja Mijatowiç hökümet piramidalarynyň iň ýokary derejelerinden başlap, yzarlamalary amala aşyrýan apparatlaryň we kanun goraýjy güýçleriň işleri düýpli özgerdilmezden, bu ugurdaky ýagdaýlary gowulandyryp bolmajagyny öňe sürdi.

Baş bolmasa, göwre läş

Bu çykyşda bellenilişi ýaly, häzirki wagt ÝHHG-ä ýolbaşçylyk edýän ýurduň özünde-de media azatlygy bilen baglanyşykly problemalar az däl diýlip hasaplanylýar.

Hökümete degişli bolmadyk köpsanly guramalaryň protestlerine garamazdan, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Gazagystan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylyk roluna eýe bolupdy.

Şol wakanyň yzy bilen, Gazagystanyň häkimiýetleri bu ýurtdaky ynsan hukuklary we media azatlygy bilen bagly ýagdaýlary gowulandyrmaklyga söz beripdiler.

Emma ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili Dunja Mijatowiç şondan bäri bäş aýdan hem gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, Gazagystanyň özünde-de oňyn netijeleriň göze ilmeýändigini aýdýar.

«Gazagystanyň planlary hem-de wadalary, ýagny, onuň bu gurama agza 56 ýurda beren wadalary baradaky meselä gelsek, häzirki wagt men diňe berlen wadalaryň sanawyndan diňe biriniň berjaý edilmegi ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny görýärin. Olam efir programmalaryny alyp baryjylary lisenzirlemek boýunça kanuna girizilen kosmetiki üýtgetmelerden ybarat» diýip, Dunja Mijatowiç öz çykyşynda belledi.

ÝHHG-niň territoriýasyna girýän regionlarda žurnalistin janyna kast edilmegi bilen baglanyşykly bolan iň soňky waka hem Gazagystana degişli bolup durýar.

Postsowet ýurtlaryndaky ýagdaý

Žurnalistleriň öldürilmegi bilen baglanyşykly üsti açylmaýan jenaýatçylyklar Gazagystandan daşary käbir beýleki ýurtlarda-da alada döredýän mesele bolmagynda galýar.

Dunja Mijatowiç Birleşen Ştatlaryň Helsinki Komissiýasynyň öňünde eden çykyşynda žurnalistleriň öldürilmegi bilen baglanyşykly görkezijiler boýunça Orsýetiň birinji orunda durýandygyny aýtdy.

Dunja Mijatowiç bilen bir hatarda bu Komissiýanyň öňünde çykyş eden Freedom House guramasynyň Ýewroaziýa programmasynyň bölüm ýolbaşçysy Sam Patten hem postsowet ýurtlarynda media azatlygy boýunça ýagdaýlaryň 1990-njy ýyllaryň başlarynda gysga wagtlyk gowulanandygyna garamazdan, birneme soňra bu ugurdaky ýagdaýlaryň kem-kem ýaramazlaşmak bilen bolandygyny belledi.

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili Dunja Mijatowiç öz çykyşynyň dowamynda postsowet giňişligindäki ýurtlarda soňky wagtlar media azatlygy boýunça özboluşly bir göreş meýdanyna öwrülen internetiň geljekde uly potensial güýjüniň boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG