Sepleriň elýeterliligi

Ministrler Kabinetiniň ýaňy-ýakynda geçirilen maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk hem «açyk gapylar» syýasatyny alyp barjakdygyny hem-de regional we global derejede halkara hyzmatdaşlyklary ösdürmek üçin ähli çäreleri görjekdigini ýene-de bir gezek agzady.

Eýse, bu ugurdaky ýagdaýlar, prezidentiň aýdyşy ýaly, şeýle gülala-güllükmikä?

Her näme diýilse-de, Türkmenistanda iň bolmanda mahal-mahal «açyk gapylar» syýasaty ýörite döwlet süzgüjinden geçirilýär. Aýratynam ol adam hukuklary bilen baglanyşykly ynjyk meselelerde şeýle.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň regional wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Fransua Blansiniň ýurda barmagy bilen ol süzgüçler ýene-de işe girizildi.

Şuňa meňzeş saparlarda, adatça edilişi ýaly, bu gezek hem daşary ýurtly myhmany ideologiýanyň aýratyn ugurlary boýunça ýöriteleşen birgiden döwlet guramalaryna aýladylar. Ol edaralarda bolsa adam hukuklaryny gozgamaga meýilli aýratyn myhmanlara nähili çemeleşmelidigini gowy bilýärler.

Türkmen propagandasy daşary ýurtly myhmanlary Türkmenistanda örän uly demokratik özgerişlikleriň amala aşyrylýandygyny ynandyrmakda öz tejribilerinden belli bir derejede başarnykly peýdalanýar.

Häkimiýetler Fransua Blansini hem belli aýlaw boýunça goýberdiler. Daşary ýurtly myhmany Demokratiýa we adam hukuklary baradaky institutda mylaýym garşy aldylar. Ol Döwlet dolandyryşy akademiýasynda-da, Daşary işler ministrliginde-de boldy.

Görkezer ýaly mysallar bar

Bu edaralaryň daşary ýurtly myhmanyň öňünde öz başarnyklaryny birkemsiz görkezendiklerine şübhelenmese bolar. Bu meselede myhmana görkezer ýaly olarda birgiden mysallar hem bar.

Mysal üçin, täze syýasy partiýalaryň döredilip bilinjekdigi barada prezidentiň eden beýanaty ýa-da onuň Nyýazowyň döwründe gadagan edilen operany we sirki halka gaýtaryp bermegi ýa-da onuň adwokatlaryň roluny güýçlendirmek dogrudaky kanuny kabul etmegi ýaly birgiden mysallary görkezip boljak.

Elbetde, bu mysallar adamda täsir galdyrman duranok, sebäbi bary-ýogy üç ýyl mundan ozal adamlar bu zatlar barada arzuw hem edip bilmeýärdiler.

Emma daşary ýurtly myhmanlar ynsan hukuklary sferasyndaky has çynlakaý öwrülişikler barada gürrüň gozgan halatynda welin, ýurduň häkimiýetleriniň ozalkylardan hiç hili öňe gitmändikleri belli bolýar.

Bu meselede prezidentiň reklama edýän «açyk gapylar» syýasaty hem kölegä bukulmak bilen bolýar. Ol göýä ýom-ýok bolana dönýär.

Zimere hem tassyklady

Adam hukuklaryna degişli temalar ähli türkmen býurokratiýasynda örän ýiti reaksiýa döredýär. Munuň şeýledigini ýakynda Türkmenistana sapar eden ýene-de bir daşary ýurtly myhman – Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky adam hukuklary boýunça ýörite wekili Fransua Zimere hem tassyklady.

Türkmenistana saparyndan soň, ol halkara synçylaryna özüniň türkmen çinownikleriniň öňünde tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjylar Amangylyjow bilen Hajyýewiň ykbaly baradaky meseläni gozgamaga synanyşandygy barada gürrüň berdi.

Zimereniň aýtmagyna görä, türkmen häkimiýetleri oňa bu tussaglaryň dogan-garyndaşlary we adwokatlary bilen duşuşmaga rugat bermändirler. Şeýle-de oňa bu tussaglaryň tussaglykda saklanyş şertleri bilen tanyşmaklyk hem başartmandyr.

Şeýlelikde Türkmenistanda «açyk gapylar» syýasaty diňe ol häkimiýetlere bähbitli bolan halatynda işleýär. Emma adaty raýatlar we olaryň hukuklary barada gürrüň gidende, ýurtda düýbünden başga syýasat ýöreýär.

Düýbi Amerikada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy «Freedom House» guramasynyň aýtmagyna görä, Türkmenistan hut şol «başga» syýasatda-da dünýäniň iň repressiw döwletleriniň başky onlugyna girýär.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG