Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýolbaşçylary neşä garşy göreşi maslahatlaşdy


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 8-nji iýunda geçirilen mashalatynda bikanun neşe dolanyşygyna garşy göreş meselesine garaldy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky maslahatynda neşä garşy göreş ugrundan profilaktiki çäreleriň ähmiýeti bellenildi.

Hususan-da, neşä garşy göreş boýunça ýöriteleşdirilen “Göknar- 2010” programmasynyň durmuşa geçirilişi boýunça hasabat diňlenildi.

TDH gullugynyň maglumatynda prezident G.Berdimuhamedow neşe howpuna garşy durmak maksady bilen ýerli öz-özüni dolandyryş we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde işleriň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini nygtady diýilýär.

Türkmenistanyň käbir ýaşaýjylary soňky döwürde “Umumymilli galkynyş” hereketine girýän jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýurduň welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda duşuşyklary geçirmek arkaly dürli çäreleri amala aşyrýandygyny gürrüň berýärler.

Türkmen hökümetiniň soňky döwürde bu meselä ünsi artdyrmagynyň käbir takyk netijeleri peýda bolup başlady.

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin ýurtda neşe söwdagärlerine garşy alnyp barylýan göreş netijesinde neşe maddalarynyň möçberi azalyp, onuň bahasynyň ençeme esse gymmatlanlygyny aýtdy.

Emma käbir ýaşaýjylar Türkmenistanda hökümet derejesinde yglan edilýän çärelere garamazdan, ýurduň käbir regionlarynda neşekeşligiň we neşe söwdasynyň azalmanlygyny belleýärler.

“Aýgytly göreş”

“Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin soňky döwürde neşe problemasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny belli bir derejede güýçlendiren Türkmenistanyň neşekeşligiň öňüni almak hem neşekeşleri bejermek ýaly meselelerde hem halkara guramalary bilen işleşmeginiň möhümdigini belledi.

“Gadagançylyk çäreleri problemany çözmekde oňly netije bermeýär, şonuň üçinem esasy ünsüň profilaktiki çärelere we neşekeşleriň bejerilmegine gönükdirilmegi juda zerur” diýip, Tuhbatullin aýdýar.

Türkmen metbugatynda prezident G.Berdimuhamedowyň 14-nji maýda Daşoguzda bolan Ýaşulular Maslahatynda neşe problemasyna garşy “aýgytly göreşi” tutuş jemgyýetiň tagallasyna daýanyp alyp barmagyň zerurlygyny nygtanlygy habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, şol çykyşynda G.Berdimuhamedow “Neşekeşlige we bikanun neşe söwdasyna baş goşýanlara hiç hili rehim edilmejegini” belläp, bu sosial betbagtçylyga garşy ýurtda gidýän göreşe hemmäniň gatnaşmalydygyny aýtdy.

Jemgyýetiň roly

Bilermenler islendik problemany çözgmekde onuň möçberini anyklamagyň we oňa garşy tutuş jemgyýet derejesinde çäre görmegiň, döwlet tarapyndan edilýän işlere jemgyýetiň gözegçilik etmeginiň derwaýysdygyny tassyklaýarlar.

Emma şu günki Türkmenistanda problemalary çözmek prosesine raýatlaryň we tutuş jemgyýetiň gatnaşmagyna mümkinçiligiň ýoklugy hemmä aýan faktdyr.

Türkmenistanda neşä degişli hakyky ýagdaý barada maglumatlar köpçüligiň dykgatyna ýetirlmeýär. Ýurtda hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi döwlete degişli “Umumymilli galkynyş” hereketiniň düzümine girýär.

Türkmen parlametininiň öňki deputaty Halmyrat Söýünow Türkmenistanda neşä garşy garaşsyzlyk döwrüniň başyndan bäri alnyp barylýan çäreleriň öňly netije bermän gelýänligini belläp, munuň sebäbini ýurduň syýasy sistemasynyň ýapyklygynda görýär.

Söýünowyň pikirine görä, habar beriş serişdeleri azat-erkin bolup, türkmen ýaşululary, ýazyjylar, žurnalistler ýaly jemgyýetçilik wekilleriniň çykyşlarynda we çap edýän maglumatlarynda neşe problemasynyň gozgalmagy bu prosesiň tutuş jemgyýetiň goşulmagynda giňden amala aşyrylmagyna getirip biler.

H.Söýünow türkmen döwletiniň neşä garşy alyp barýan işleriniň ýüzleý häsiýete eýedigini belläp, halkara jemgyýetçiligi neşä garşy göreşini güýçlendirýärkä, Türkmenistan hem neşe problemasyna ünsüni güýçlendirip, daşarky syýasy maksatlaryna ýetmek isleýär diýip, pikir edýär.

“Türkmen halkyna neşe problemasy ýaly betbagtçylyklara garşy göreşde aktiw rol oýnamaga mümkinçilik berlen ýagdaýynda jemgyýetiň syýasy meselelerde hem aktiwligi güýçlener we şeýle özgeriş türkmen ýolbaşçylarynyň göwnünden turmaýar” diýip, Söýünow aýdýar.

Görülýän çäreler

Türkmen metbugaty ýurtda neşä garşy göreşiň netijeliligini artdyrmak üçin dikuçarlary we sürüjisiz uçarlary satyn almak, şeýle-de serhetlerde göreş işlerini güýçlendirmek ýaly çäreleriň göz öňünde tutulýanlygyny habar berdi.

11-nji maýda döwlet derejesinde aýan edilişine görä, Türkmenistanyň kanuny goraýjy edaralarynyň ýokary wezipelileriniň arasynda neşe söwdasyna baş goşýanlar hem bar.

Türkmenistanyň prezidentiniň gol çeken permanyna görä, 8-nji iýunda ýurduň Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň Ahal welaýat dolandyryşyna täze ýolbaşçy bellenildi. Bu wezipä Döwet gullugynyň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň oňki başlygy maýor Gurbanberdi Nursähedow mynasyp görüldi.

Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugynyň Ahal welaýat dolandyryşynyň öňki başlygy podpolkownik Baýrammyrat Ilamanow 20-nji aprelde “işde goýberen düýpli kemçilikleri sebäpli” wezipesinden boşadyldy we harby atlardan hem harby işgärler üçin kanun tarapyndan göz öňünde tutulan ähli ýeňilliklerden mahrum edildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG