Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugy bilen 9-njy iýunda, iki kişä bag sebäpli käýinç berildi.

«Bag üçin käýinç berildi» diýlen habary eşideniňizde bagyň bagbany, garawuly, işgäri göz öňüňize geldimi?

Käýinç alan kişilerdir öýdüp bu sanan adamlarymyzy göz öňüne getirmek örän ýalňyşlyk bolar. Geliň, kime käýinç berlenini has anyklaşdyrmak üçin «Türkmen döwlet habarlar» gullugynyň ýaýradan resmi habarlary bilen tanşalyň:

Birinji käýinç

«Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankyna bag ekmek üçin bölünip berlen ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Begmyradow Gurbanmyrat Öwezmyradowiçe käýinç yglan edildi».

Ikinji käýinç

«Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna bag ekmek üçin bölünip berlen ýerlerde ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Meredow Şaberdi Rejepgeldiýewiçe käýinç yglan edildi».

Ine, iki sany uly wezipeli ýolbaşça baga seretmäni üçin käýinç berlenine göz ýetirdiňiz.

Ýurtda bolup geçýän wakalara her kimiň akyly haýran. Indi baga gözegçilik işi banklaryň hem biržanyň, edara-kärhana ýolbaşçylarynyň başyna galypmy?

Üstesine-de bu baglar miwesi bilen ýurduň ykdysadyýetine pul goşjak baglar däl. Eýran serhedi bolup durýan Köpetdagyň etegindäki soňy görünmeýän baýyrlaryň üstüne—hiç hili suw eltip bolmaýan ýerlere ekilen arçalar indi Türkmenistanda ýigrimi ýyl bäri oturdylýar.

Halky başagaý etmek syýasatynyň bir şahasy bolup durýan bu arça ekişligi islendik ýolbaşça yrsaramak üçin bahana. Ony ekmek, otamak, suwarmak üçin millionlap-millionlap pul çykdaýjysyny (bag ekijileriň öz jübüsinden) hasap etmäniňde-de, bag meselesi örän köp wagt alýar. Talyp hem şol ýerde, mugallym hem şol ýerde, bank işgärem şol ýerde, çagalar baglarynyň işgärlerem şol ýerde, lukmanlar hem şol ýerde… aý, garaz, hökümetden aýlyk alýan edara bar bolsa, barysynyň işgäri şol ýerde.

Hemmeler hökümetiň bag ekmek syýasatyndan närazy, hemmeler gargynýar, emma bir kişi «Bag ekişlige barjak däl» diýen sözi agzap bilmeýär. Sebäbi bag hökümetiň islendik kişini işden kowmak üçin yrsaraýan obýekti bolup durýar. Bag kampaniýasyna gatnaşmadyk işden gidibermeli.

Beýle hadysalar Türkmenbaşynyň hökmürowanlyk eden ýyllarynda hem bolupdy. Bag ekilýän ýerler häli-şindi ot alýar. Çarşenbe guňi — 9-njy iýunda hem bag ekilen ýerlerde ýangyn döredi. Ýangynyň dörän ýeri hem «Türkmen Döwlet habarlar» gullugynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankyna hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna degişli ýerler bolup çykýar.

Başga edere iş ýokmy?

Bu ýagdaýlardan görnüşine görä, indi edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ol ýerlerde durup, baga gözegçilik etmelimi?

Diňe bir halk däl, ýurtda indi ýolbaşçy işgärler hem sylananok. Bankyň hem biržanyň ýolbaşçysy nire, baýyrlarda ekilen bag nire? Bag üçin garawul goýmaly, işçi goýmaly, işgär tutup, olara aýlyk-günlük bermeli.

Şol gün — 9-njy iýunda bag ekilen baýyrlarda ýangyn dörän güni Türkmenistanda 40 gradus yssy howa boldy. 50 hem ondan ýokary gradusda boljak yssylar entek öňde. Yssyda arçalar aýna bölejigi zerarly hem öz-özünden ot alýar. Ýa-da geçip barýan ötegçiniň biri çilim çekip taşlanda hem ownuk otlara ot düşüp, ýangyn döräp biler. Şeýle ýagdaýlarda haýsy bir ýolbaşçy oňa öz iş ornuny taşlap, gözegçilik edip biler?!

Şu manysyz bag ekmek syýasaty hiç kime gerek däl. Talyba-da gerek däl, mugallyma-da, terbiýeçä-de gerek däl, enekä-de. Bank işgärine-de gerek däl, artiste-de, birža işgärine-de… Garaz, hiç kime. Ol diňe halky başagaý etmek syýasatyny ýöredijilere gerek.

Döwlet Hojamedow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG