Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýer-ministri Owganystana bardy


Penşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Kabula bardy. Kameron öz daşary sýyasatynda Owganystanyň iň möhüm orny eýeleýänligini aýdýar.

Kameron Owganystanyň prezidenti Hamit Karzaý bilen Kabulda geçiren metbugat ýygnagynda Britaniýanyň Owganystana goşmaça harby ibermejekdigini aýtdy.

Häzirki döwürde Owganystanda 9500 töweregi britaniýaly harby bar.

Britaniýa Owganystandaky halkara güýçlerine iň köp goşant goşan ikinji ýurt bolup durýar.

2001-njy ýylda talyp režimi agdarylaly bäri Owganystanda 300 töweregi britaniýaly esger heläk boldy.

Kameron owgan harbylaryny türgenleşdirmek boýunça 98 million dollar ýardam etjekdigini hem yglan etdi.
XS
SM
MD
LG